27.01.2022
9783
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitindäki sanly ulgam arkaly çykyşy
Ilki bilen, Hindistanyň Premýer-ministri jenap Narendra Modä birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşmaga çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin.
27.01.2022
7435
2022-nji ýylda nobatdaky Türkmen-Amerikan işewürler geňeşiniň mejlisi geçirilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Merdowyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimouň arasynda duşuşyk geçirildi.
27.01.2022
5765
Türkmenistanyň DIM-niň we HHR-iň diplomatlary geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sanly ulgam arkaly geçirilen sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
27.01.2022
15444
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli sylaglamak, harby we ýörite atlar dakmak hem-de hünär derejeleri bermek
Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.
27.01.2022
10365
Watan goragçysyna bagyşlanan sergi
Ýurdumyzda 27-nji ýanwarda bellenilýän Watan goragçysynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Sergide dürli nesliň suratkeşleriniň işleri görkezildi.
27.01.2022
11471
Türkmen talyplary «Lomonosow» Uniwersiadasyna gatnaşýarlar
Şu günler türkmen ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteitniň her ýyl geçirýän «Lomonosow» Uniwersiadasynyň çäklerinde lingiwstika boýunça bäsleşginiň birinji tapgyryna gatnaşýarlar.
27.01.2022
50551
Türkmen alabaýy – edermen goragçy we wepaly dost
Şu günler Aşgabatda «Türkmen topragy — dünýä ýaňsalan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär.
27.01.2022
9411
Watan goragy – mukaddesligiň goragydyr
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçysynyň gününe bagyşlanan sergi açyldy.
26.01.2022
5873
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine
Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
26.01.2022
10335
Merkezi Aziýa ýurtlary – Hytaý: ykdysady hyzmatdaşlar we pikirdeşler
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammit geçirildi.