26.01.2022
7579
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň, bank düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
26.01.2022
6051
Pandemiýanyň ýaýramagyna garşy göreş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň üns merkezinde
Sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammitinde koronawirus ýokanjynyň gelip çykyşyny öwrenmekde dünýäniň ähli ylmy güýjüni birleşdirmegiň zerurdygyny ara alnyp maslahatlaşyldy.
26.01.2022
11959
Döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň örän ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi
Hormaty Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Hytaýyň Gyşky Olimpiýa oýunlaryň örän ýokary derejede geçiriljekdigine ynam bildirdi.
26.01.2022
6547
Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
26.01.2022
9988
Aşgabatda mowzuklaýyn halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralan “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.
26.01.2022
7059
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
26.01.2022
6544
Türkmenistanyň Merkezi bankyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça karz serişdelerini bölüp bermek tabşyryldy
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
26.01.2022
4989
Ženewada Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary tanyşdyrylydy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tarapyndan öňe süren «Dialog – parahatçylygyň kepili» başlangyjynyň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa bölüminiň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Ženewanyň Halkara barlaglary we ösüş boýunça ýokary institutynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda we geljek döwürde daşary syýasatynda ileri tutýan ugurlaryna bagyşlap brifing geçirdi.
26.01.2022
3910
Türkmenistan we Ermenistan medeni miras pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
W.Brýusow adyndaky Ýerewan döwlet diller we jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň ýanyndaky ÝUNESKO-nyň adam hukuklary, demokratiýa we syýasy ylymlar bölüminiň başlygy professor Tigran Torosýan bilen Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi duşuşdy.
26.01.2022
8532
Täze jaýlaryň açarlary gowşuryldy
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgalalaryna niýetlenen 4 gatly, 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berildi.