22.01.2022
7049
Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlykda deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrar
Türkmenistan deňiz ulaglaryny ösdürmegiň taslamasyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar, ol Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we gami abatlaýyş zawodynda üç gämi gurmagy göz öňünde tutýar.
22.01.2022
4605
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga çalyşýarlar
Milli ykdysadyýetimiziň azyk üpjünçiligini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ilatyň özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagy laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga çalyşýarlar.
22.01.2022
10541
Ýaşlar arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýaşlar arasynda her ýyl geçirýän ylmy işler bäsleşigi yglan edildi.
22.01.2022
4939
Migrasiýa barada Ählumumy ylalaşygyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Migrasiýa barada Ählumumy ylalaşygyň durmuşa geçirilişi boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
21.01.2022
5790
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
21.01.2022
7663
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklady
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, edaralary, kärhanalary, jemgyýetçilik birleşiklerini, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, şeýle hem bu önümleri has rejeli peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel we gämi ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.
21.01.2022
4459
Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda
Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
21.01.2022
12493
Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynda «Asly-Kerem» türkmen halk dessany sahnalaşdyryldy
Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynda «Asly-Kerem» türkmen halk dessany esasynda adybir spektakl goýuldy. Pýesanyň awtorlary Batyr Batyrow bilen režisýor Öwezmämmet Galandarow halk ýordumyny dramaturgiýa uýgunlaşdyrmak üçin köp işlediler. Onuň sahnadaky beýanynyň ýerine düşendigini aýtmak gerek.
21.01.2022
8062
Halkara bäsleşiklerinde ýokary netijeler gazanyldy
2021-nji ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim we terbiýe alýan mekdep okuwçylary okuw dersleri boýunça geçirilen Halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallaryň jemi 43-sine, diplomlaryň hem 724-sine mynasyp boldular.
20.01.2022
8416
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.