Medeniýet
23.06.2022
8665
Çeperçilik Akademiýasynyň talyplary tebigatyň gujagynda
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary synaglaryny tabşyryp, öz işlerini 22-nji iýundan başlap, Aşgabadyň ýakynyndaky ajaýyp tebigy künjeklerde, arassa howa bolmak bilen ýerine ýetirýärler.
23.06.2022
7353
Türkmenistanyň dokma önümleri 2022 – Import harytlaryň sergisinde görkezildi
Şu gün, 23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän 2022 – Import harytlaryň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär.
22.06.2022
6855
Medeni forumyň dabaraly badalgasy
Şu gün Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy. Milli medeniýeti gorap saklamaga, içgin öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen bu giň gerimli çäre medeniýetimiziň döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde eýeleýän, barha artýan ähmiýetli ornuny, parahatçylyk dörediji kuwwatyny açyp görkezýär.
21.06.2022
8453
Serginiň gahrymanlary ‒ reňklerde we bürünçde şekillendirilen zehinli adamlar
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň surat we heýkel sergisi açyldy. Sergide, ilkinji nobatda, tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň portretlerine üns berlipdir. Şonuň üçin-de sergi surat galereýasyny ýatladýar.
20.06.2022
10675
Sungat, şygryýet halkyň ruhy baýlygydyr
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe bagyşlanan sergi guraldy.
20.06.2022
6942
Medeniýet hepdeligine taýýarlyk
Berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi şu ýyl ýurdumyzyň Mary welaýatynda geçiriler. Şu günler Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de medeniýet merkeziniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda bu möhüm çärä taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
20.06.2022
9503
«Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşik geçirildi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredijlige höwesli adamlaryň, gelin-gyzlaryň, edara-kärhana işgärleriniň, talyp ýaşlaryň arasynda «Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar» atly bäsleşik geçirildi.
19.06.2022
9383
ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasy Magtymguly Pyragynyň dogduk mekanyna baryp gördi
Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň baýram edilmegi we onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna dabaralaryň taýýarlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň kätipligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde beýik türkmen akyldar şahyrynyň dogduk mekanyna sapar gurady.
19.06.2022
9504
Saragt Babaýewiň ussahanasyndan
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň şägirtleririniň işleriniň sergisi geçirildi. Hemmeleri ýakymly geň galdyran bu sergi sungatyň gadyr-gymmatyny bilýän köp adamy bu ýere jemledi. Sergide görkezilen işleriň birnäçesi öň hem dürli sergilerde goýlup, jemgyýetiň ünsüni özüne çeken suratlardy.
17.06.2022
5707
Medeni çärelere baý hepde
Iýun aýynyň 22 ‒ 28-i aralygynda Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler.