Medeniýet
12.04.2025
5699
Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Nýu-Delide okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
12.04.2025
4447
Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi
2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda surat çekmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sowgat gowşurylyş dabarasy geçirildi.
11.04.2025
5388
Wena şäherinde “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly sergi geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýyl – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Wenadaky Ilçihanasy ýörite sergi gurady.
11.04.2025
4470
Bişkekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre guraldy
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzstandaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre gurady.
11.04.2025
3347
Balkan welaýatynda paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynyň göçme çykyşlary dowam edýär
Şu günler paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri ýurdumyzyň Balkan welaýatynda döredijilik saparynda bolup, welaýatyň çar künjeginde özleriniň göçme çykyşlaryny guraýarlar.
10.04.2025
3008
Paýtagtymyzda geçiriljek dynç alyş medeni çäreler
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke bedewlerine – türkmen halkynyň baýlygyna we buýsanjyna bagyşlanan sergi açyldy.
09.04.2025
2866
Türkmenistanyň medeniýet işgärleri Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çärä gatnaşdy
Gazagystanda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Aktau şäherinde «Aktau–2025-de türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atlandyrylan ýylyň dabaraly açylyşy boldy.
09.04.2025
3148
Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çärelere badalga berildi
Türkmen bedewiniň milli baýramy her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda ýokary guramaçylyk derejesinde uly joşgun bilen bellenilýär.
08.04.2025
7749
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary we sirk artistleri ussatlyklary bilen tomaşaçylary begendirýär
Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň we Türkmenistanyň döwlet sirkiniň artistleri Daşoguz welaýatynda myhmançylykda şowhunly çykyşlaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitine gelen artistleriň duşuşygy aýdym-sazly hakyky baýrama we «Görogly» eposy boýunça goýlan teatr çykyşynyň tomaşasyna öwrüldi.
08.04.2025
5542
«Dutaryň owazy» atly Moskwa halkara sungat festiwalynyň täze möwsümini «Türkmen bilbili» konserti açdy
2025-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygy bellenilýär. Şan-şöhraty Türkmenistanyň çäklerinden has uzaga ýaýran artistiň ýadygärlik ýubileý dabarasy dogduk şäheri Kerkide-de, Moskwada-da bellendi.