02.12.2024
5961
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okuw maslahaty geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylym-bilim merkeziniň esasynda «Enjamyň energiýa netijeliligi – sowadyjy we howany kondisionirlemek üçin ýylylyk nasoslary: howa we sowadyjy serişdeler» atly maslahat geçirildi.
02.12.2024
6229
Robot ýasamak boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçen bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi
30-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalary merkezinde geçirilen «Ýaş robototehnikaçy» bäsleşigi Türkmenistanda ýaşlaryň üstünlikli ösýän ylmy we tehniki döredijiliginiň ýene bir subutnamasy boldy.
02.12.2024
5289
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri iş sapary bilen Fransiýada boldular
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary we hünärmenleri 20–27-nji noýabry aralygynda iş sapary bilen Fransiýa Respublikasynda boldular.
02.12.2024
5387
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: – Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasatyny durmuşa geçirmelidiris
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan halk diplomatiýasyny bilelikde ilerletmäge çagyrdy.
02.12.2024
4985
Türkmenistanyň gümrük işgärleri Almatyda geçirilen sebit maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň wekilleri 26-28-nji noýabrda Almatyda (Gazagystan) geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar.
02.12.2024
4529
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
02.12.2024
5200
Daşoguzda geljekki sürüjiler üçin täze mekdep işläp başlar
Daşoguzda täze sürüjilik mekdebini ulanylmaga bermek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
02.12.2024
4573
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.12.2024
5224
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Ýohannise Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.12.2024
5046
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa - Hytaý” formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Syçuan welaýatynyň Çendu şäherinde (HHR) geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy.