mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

20.09.2026

total-veiw

533

Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda her biri üç ýeňiş gazandy

Özbegistanyň Samarkant şäherinde dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary üçünji ýeňşini gazandylar.

news-photo

18.09.2026

total-veiw

557

Türkmenistanly türgenler Ýaponiýada geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar

Türkmen türgenleri 19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherindäki «Paloma Mizuho» stadionynda geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.

news-photo

17.09.2026

total-veiw

1922

Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasyny ýeňiş bilen başladylar

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary 2026-njy ýylyň 15 –27-nji sentýabry aralygynda “Silk Road Samarkand” halkara sergi merkezinde geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasyna ýeňiş bilen başladylar.

news-photo

16.09.2026

total-veiw

2531

«Arkadag» topary ýaryşy Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyndan üstün çykmak bilen başlady

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/27 möwsüminiň toparçalar tapgyryny üstünlikli başlady. «B» toparçanyň çäginde geçirilen ilkinji duşuşyk Arkadag şäherindäki 10 müň tomaşaça niýetlenen stadionda geçirildi. Onda ýerli topar Bahreýniň 36 gezek çempiony bolan «Al-Muharrak» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeke-täk ýeňiş goluny duşuşygyň 52-nji minutynda Mekan Saparow geçirdi.

news-photo

14.09.2026

total-veiw

2825

AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasy: “Arkadag” futbol topary Bahreýniň “Al-Muharrak” futbol topary bilen duşuşar

AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2026-2027-nji ýyllar möwsüminde ýurdumyzyň “Arkadag” futbol topary Bahreýniň “Al-Muharrak” futbol topary bilen 15-nji sentýabrda duşuşar.

news-photo

14.09.2026

total-veiw

2003

“Ahal” we “Altyn asyr” toparlary ilkinji üçlükdäki orunlaryny berkidýärler

Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 20-nji tapgyry geçirildi.

news-photo

12.09.2026

total-veiw

1336

«Arkadag» we «Ahal» toparlary Türkmenistanyň 2026-njy ýyl Kubogynyň finalyna tarap bir ädim ätdiler

«Arkadag» we «Ahal» futbol toparlary ilkinji ýarym final oýunlarynda ynamly ýeňiş gazanmak bilen, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl Kubogynyň finalyna çykmak üçin, uly tagalla etdiler.

news-photo

12.09.2026

total-veiw

1532

Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşarlar

15 – 27-nji sentýabr aralygynda dünýä küşt jemgyýetçiliginiň ünsi Özbegistanyň Samarkant şäherine gönükdiriler. 

news-photo

10.09.2026

total-veiw

2655

Türkmen türgeni Gurbannazar Amandurdyýew Iordaniýada geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň 17 ýaşly türgeni Gurbannazar Amandurdyýew Ammanda geçirilýän karate boýunça ýaşlaryň, ýetginjekleriň we 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän Aziýanyň 24-nji çempionatynda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

news-photo

09.09.2026

total-veiw

2864

Türkmenistanly ýaş boksçylar Ispaniýada geçirilen halkara ýaryşynda 10 medal gazandylar

Ýurdumyzyň boks boýunça ýaşlar we ýetginjekler ýygyndysy Ispaniýanyň La Nusiýa şäherinde geçirilen «Boxam International Tournament 2026» halkara ýaryşynda 10 medal gazandylar. Ýaryşa 21 döwletden 246 türgen gatnaşdy, Türkmenistanyň ýygyndysyna bolsa 15, 17 we 19 ýaş toparlarynda 17 türgen wekilçilik etdi.

...255