02.04.2025
2506
Türkmenistan Samarkantda geçirilýän ikinji derejeli üçünji sebitleýin maslahata gatnaşýar
Şu gün Samarkantda kriosfera we howanyň üýtgemegi boýunça milli hem ikinji derejeli sebitleýin hereket meýilnamalary boýunça üçünji sebitleýin maslahaty öz işine başlady.
02.04.2025
3203
Türkmen mugallymlary Rumyniýada gysga möhletli okuwlary geçdiler
22-28-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) atly taslamanyň çäklerinde Rumyniýanyň Sibiu şäherinde boldular.
02.04.2025
3914
«Mirasly senet» guramasy türkmen senetçiliginiň däplerini we döwrebaplygyny utgaşdyrýar
Türkmenistanyň medeni mirasy — sungatyň, durnuklylygyň we tebigata hormat goýmagyň ajaýyp utgaşygydyr. Onda ýurduň maddy we maddy däl medeni baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan senetçilik aýratyn orun tutýar.
02.04.2025
5113
Ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanda woleýbol, futzal, basketbol we stol tennisi boýunça talyplar ýaryşlary bilen 7-nji aprelde bellenýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe-sport we medeni-köpçülikleýin çäreler başlandy.
02.04.2025
3916
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025 – hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek üçin başlangyç” atly ylmy-amaly maslahat
2025-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025 – hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek üçin başlangyç” atly ylmy-amaly maslahaty gurady.
02.04.2025
6711
Paýly gurluşygyň hukuk esaslary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar.
01.04.2025
5601
Gurluşyk-senagat toplumy: ýetilen sepgitler we ösüş mümkinçilikleri
Şu ýyl şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döredijilik we ösüş ýoluny saýlap alan berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginiň binýadyny goýdy. Öňdengörüjilikli strategiýa, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga ygrarlylyk hem-de ýurdumyzda yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler jemi içerki önümiň ösüş depgininiň, senagat önümlerini öndürmegiň we daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhüm şertine öwrüldi.
01.04.2025
4680
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda täze howa menziliniň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Şu gün ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinden dikuçarda Balkanabat şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
01.04.2025
3554
Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň KHBS-ler ulgamyndaky mümkinçiliklerine seredildi
2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen edaranyň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoniýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.04.2025
4744
Gadymy arheologik tapyndy – taryhyň bir parçasy
Gadymy Gürgençde şäher medeniýetiniň derejesi ýokary bolupdyr. Muňa sebitde, şol sanda Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde-de dürli gazuw-agtaryş işleri geçirilende, ýüze çykarylan arheologik tapyndylar-da şaýatlyk edýär.