25.03.2025
3883
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli medeni çäre geçirdi
2025-nji ýylyň 18-21-nji marty aralygynda Bütindünýä şygryýet güni mynasybetli Ukrainadaky türkmen talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Kiýewdäki Ilçihanasynyň wekilleri medeni çäräni – görnükli şahsyýetleriň we nusgawy şahyrlaryň goşgularynyň çeper okalyşyny geçirdiler.
25.03.2025
1542
Türkmenistan – Hytaý: köpçülikleýin habar beriş serişdeleri pudagynda hyzmatdaşlyk güýçlenýär
Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine girýän edaralary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinhua» habarlar agentliginiň Merkezi Aziýadaky wekiliýetiniň işgärleriniň arasynda bolan duşuşykda şu ugur boýunça türkmen-hytaý iş birliginiň geljegi we netijeli hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
25.03.2025
5659
Türkmen futbolçylary 2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşa başlarlar
Türkmenistanyň futbol boýunça milli topary şu gün 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşyna Hytaýyň Taýbeý toparyna garşy oýun bilen başlar.
25.03.2025
3560
«Ahal» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda ikinji ýeňşini gazandy
«Ahal» topary ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistany futbol çempionatynyň üçünji tapgyrynda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny 4:0 hasabynda utup, bassyr ikinji ýeňşini gazandy.
25.03.2025
5116
Dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň peýdasy barada habardarlygy ýokarlandyrmak hakynda konsepsiýa işlenip taýýarlanýar
24-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (Mary ş.) mejlisler zalynda dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň (DEÇ) peýdasy we energiýa netijeliligi barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak temasyndan «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi.
25.03.2025
3167
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
24.03.2025
3025
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
24.03.2025
4452
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ägirt uly halkara ähmiýetli taryhy hem-de şanly wakasy — 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
24.03.2025
3955
Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi üns merkezinde
Şu gün Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi.
24.03.2025
4311
Türkmenistanyň talyby Germaniýada geçirilen halkara sergi-bäsleşiginde I orny eýeledi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gowşut Akmyradow 17 – 20-nji mart aralygynda Germaniýanyň Rust şäherinde geçirilen «CloudFest – 2025» bulutly tehnologiýalar halkara sergi-bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girdi.