17.03.2025
4840
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary
2025-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.
17.03.2025
4000
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli guralýan serginiň we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
16.03.2025
3842
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
16.03.2025
5279
Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr
Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty netijesinde gazanylýan ösüşler, ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň berk binýadydyr.
16.03.2025
2878
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna mukaddes Remezan aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw edýärin. Goý, ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ýakyn gatnaşyklar geljekde has-da pugtalansyn!
16.03.2025
2642
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tatar-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigiňiz, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
16.03.2025
5155
Balkan welaýatynda döredijilik duşuşyklary geçirildi
Uly buýsanç bilen dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda gurulýan dürli derejeli dabaralar, maslahatlar, bäsleşikler, sergiler baý mazmuna, aýratyn ähmiýete beslenýär.
15.03.2025
7220
A.Öwezow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aýmyrat Gurbannepesowiç Öwezow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
15.03.2025
4591
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
15.03.2025
4713
Türkmenistan — ÝUNISEF: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy boldy. Onda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.