15.04.2024
4343
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa gatnaşyjylara
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz Diýarymyzyň sport taryhynda möhüm waka bolan bu ýaryşyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, hokkeý boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.
15.04.2024
5899
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
14.04.2024
5432
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
14.04.2024
5506
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.
14.04.2024
4403
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň ähli halkyny nurana Oraza baýramy bilen gutlamaga şatdyryn. Bu baýram agyz beklenip, doga-dilegler edilip, ruhy kämillige ymtylmagy alamatlandyrýan mukaddes Remezan aýynyň ajaýyp jemlenmesidir.
14.04.2024
6481
Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşyna bagyşlanan mediaforum
Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 15-nji aprelde paýtagtymyzda badalga aljak şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hokkeý federasiýalarynyň ýolbaşçylary, ýaryşa gatnaşýan toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
14.04.2024
6983
«Türkmen dünýäsi» gazeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini geçirýär
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen dünýäsi» gazeti Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşigini geçirýär.
14.04.2024
6483
Galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigi yglan edildi
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi golaýda bellenen Halkara «Galyndysyz dünýä ugrunda» gününiň çarçuwasynda galyndy çig maldan ýasalan zatlaryň bäsleşigini yglan etdi.
14.04.2024
6773
Türkmenistan we ABŞ her ýylky türkmen-amerikan syýasy geňeşmelerini geçirdi
2024-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi.
14.04.2024
8476
«Ýaşyl» energiýanyň geljegi
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri barada» Kanunyny kabul etdi. Munuň üçin ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda dikeldilýän energiýanyň iş ýüzünde ulanylmagyna ýardam etmek üçin kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanylýar.