11.04.2024
5148
Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi
2024-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen iş sapary bilen Ženewada bolan Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
11.04.2024
6039
Tahyr Ataýewiň orkestri we italýan kompozitorlarynyň sazlary
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewyň orkestriniň «Italiýan dynç alyşlary» atly konserti şowly boldy. Bu toparyň muşdaklary Tahyr Ataýewiň her konsertinde diňleýjileri daşary ýurtly kompozitorlaryň iň gowy eserleri bilen syýahat etmäge çagyrýandygyny eýýäm gördüler.
11.04.2024
4900
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary we konsertler
“Barokko-Bagşy” taslamasynyň çäginde pianinoçy Joanna Gudal Türkmenistanyň birnäçe şäherinde konsert berer. Fransuz instituty tarapyndan guralan bu taslama Žan-Filippiň döredijiliginiň esasynda gadymy fransuz sazlary Beýik Ýüpek ýolunyň özüne çekiji sazlarynyň arasynda özboluşlylygy bilen utgaşdyrylar.
11.04.2024
5565
Balkan welaýatynda tebigy taýdan arassa önümleriň öndürilişi artýar
Tebigy taýdan arassa, derde derman melhemleri taýýarlamakda Balkan welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasynyň agzybir hünärmenleri mynasyp işleri durmuşa geçirýärler.
11.04.2024
5994
Ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň geçiriljek senesi yglan edildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşigini geçirýär we alty ugur boýunça her bäsleşigiň geçiriljek senesini yglan edýär.
11.04.2024
4644
Orient Silk Road Express syýahatçylyk otlusyndaky ýolagçylar Türkmenistanda boldular
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça özüne çekiji demir ýol arkaly syýahatçylyk daşary ýurtly jahankeşdelere Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
11.04.2024
4661
Tennis boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabat şäherlerinden 118 türgen (68 erkek we 50 zenan) paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň kortlarynda geçirilen tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşdy.
10.04.2024
6286
Türkmenistan özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn esasda ösdürmek, milli maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini giňden wagyz etmek, medeni we ruhy gymmatlyklary aýawly saklamak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy.
10.04.2024
5371
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Azerbaýjanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna yslam dünýäsiniň mübärek baýramy — Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, Beýik Biribar Siziň doga-dilegleriňizi öz dergähinde kabul etsin!
10.04.2024
4501
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.