27.03.2026
1906
ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr
26-njy martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler» atly işewürlik foruma gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň özgerdilmegine aýratyn üns berdiler.
27.03.2026
1338
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda strategik köpri hökmünde çykyş edýär
26-njy martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi: Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler» atly işewürlik forumyň giriş mejlisi daşary syýasatyň we ykdysady integrasiýanyň uzak möhletleýin ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy.
27.03.2026
1025
«Kenar» kompaniýasy Türkmenistanyň ähli welaýatlaryny balyk önümleri bilen üpjün edýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kenar» kompaniýasy ýokary hilli önümleri bilen içerki bazary yzygiderli üpjün edip, balyk senagatyndaky öňdebaryjy ornuny has-da berkidýär.
27.03.2026
1469
Türkmenistan – Polşa: parahatçylyk we ösüş üçin hyzmatdaşlyk
Şu günlerde Polşa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri iş sapary bilen Türkmenistanyň paýtagtynda bolýarlar.
27.03.2026
963
Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi
2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýewiň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretarynyň orunbasary D.Trefilowyň gatnaşmagynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň taýýarlyk meselelerini ylalaşmak boýunça Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
27.03.2026
1329
Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji martynda Koreýa Respublikasynyň Hankuk daşary ýurt bilimleri uniwersitetinde (HUFS) Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.
27.03.2026
732
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25–26-njy martynda Nýu-Deli şäherinde Hindistan–Merkezi Aziýa Gaznasynyň guramagynda “India – Central Asia: Connectivity, Security, and Sustainable Partnerships in a Multipolar World” atly halkara maslahaty geçirildi.
27.03.2026
782
Türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde “Italiýa – Merkezi Aziýa – Azerbaýjan” formatynda geçirilen foruma gatnaşdy
2026-njy ýylyň 23 – 24-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministriniň orunbasary B.Berkeliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Daşkent şäherinde “Italiýa-Merkezi Aziýa-Azerbaýjan” formatynda geçirilen “Durnukly agro-ekoulgam üçin innowasiýalar, regeneratiw oba hojalygy we sanlylaşdyrmak” atly foruma gatnaşdy.
27.03.2026
1375
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
Türkmenistanda ýazky at çapyşyk möwsümi – her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramyny buşlaýan täsirli waka başlandy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ahalteke atlary janly rowaýatdyklaryny we türkmen halkynyň hakyky buýsanjydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.
27.03.2026
1348
Ýokary, orta hünär we umumy bilim berýän orta okuw mekdepler üçin täze kitaplar neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzyň ýokary, orta hünär we umumy bilim berýän orta okuw mekdepleri üçin täze kitaplar çapdan çykdy.