25.02.2026
2647
GFR-da Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär
2026-njy ýylyň 23-25-nji fewraly aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halle şäherinde bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirilýär. Forumyň çäreleri Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasynda alnyp barylýar.
25.02.2026
1360
Aşgabatda Hytaý Täze ýyly we Bahar baýramy mynasybetli türkmen-hytaý konserti geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Täze ýyly we Bahar baýramy mynasybetli Döwlet simfoniki orkestriniň dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikdäki konserti boldy.
25.02.2026
2380
Medipol universitetiniň rektory Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygynda kabul edildi
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Ö.Jumanazarow Türkiýe Respublikasynyň Medipol universitetiniň rektory Bahadyr Kürşat Güntürk bilen duşuşyk geçirildi.
25.02.2026
1310
«AI Solutions» hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «AI Solutions» («EA çözgütleri») hakaton bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep tarapyndan guraldy.
25.02.2026
2628
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum maýa goýum dialogynyň meýdançasyna öwrüler
2026-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäherinde hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmäge bagyşlanan «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum geçiriler.
25.02.2026
3222
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
24.02.2026
2447
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
24.02.2026
3065
Türkmenistanyň köpugurly kuwwaty — durnukly ösüşiň bähbidine
Ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
24.02.2026
2112
Türkmenistan – Gruziýa: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidze bilen duşuşdy.
24.02.2026
1429
Hytaý kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi
Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet işgärleriniň abraýly wekiliýeti Aşgabada geldi. Myhmanlar saparyň dowamynda türkmen halkynyň baý mirasy bilen tanyşdylar we Hytaýyň gadymy medeni däp-dessurlary bilen tanyşdyrdylar.