«Arkadag» futbol toparynyň 5 gol salan 32 ýaşly hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew «2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň iň gowy bombardiri» diýen ada mynasyp boldy. Degişli baýrak oňa jemleýji duşuşygyň ahyrynda gowşuryldy. Bu oýunda milli ähmiýetli şäher bilen adybir türkmen kluby Kambojanyň häzirki dört gezek çempiony – «Svay Rieng» klubundan 2:1 hasabynda üstün çykdy we ilkinji gezek yklym baýragyny gazandy.
«Arkadag» toparynyň futbolçylary şu gün finalda Kambojanyň «Svay Rieng» klubundan 2:1 hasabynda üstün çykyp, 2024/25 ýyl AFK Çagyryş ligasynyň kubogyny gazandy.
2025-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.