Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawa daýanýan «Marypagta» önümçilik birleşiginiň işgärleri öňde duran pagta ýygymy möwsümine düýpli taýýarlyk görýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýokary derejeli milli «tegelek stol» maslahatynda birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.
Türkmen hünärmenleri 25-nji iýuldan 16-njy awgust aralygynda Germaniýanyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetinde geçirilýän halkara ylmy-barlag tejribelik okuwyna gatnaşýarlar.