2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramowyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurmagynyň dabaraly çäresi geçirildi.
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşygy geçirildi.
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň çäklerinde guralan diplomatlar we beýleki hünärmenler üçin gysgamöhletleýin okuw üstünlikli tamamlandy. Okuwyň jemleri boýunça diňleýjilere dabaraly ýagdaýda ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Mowlämowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşygy geçirildi.