Paýtagtymyzda dowam edýän Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrundaky ýaryşda iň soňky ýarym finalçy belli boldy. Ol hem «Aşgabat» futbol toparydyr.
Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk taryhy senesiniň giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary ýerlere agrotehnikanyň talaplary esasynda göwnejaý hyzmat edýärler.
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli türkmen we daşary ýurtly suratkeşleriň eserleriniň sergisi üstünlikli geçdi. Işler üçin dört sany sergi zaly ulanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mährem enelerini, gelin-gyzlaryny gutlady.