Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen döwletiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýan Bitaraplyk ýörelgesiniň, şanly ýylyň şygarynyň çuňňur mazmunyny özünde jemleýän dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

18-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Behişdi bedewler – halkymyzyň göwün ganaty» atly maslahat geçirildi.

17-nji aprelde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Milli gymmatlyklar – milletiň buýsanjy» atly dabaraly maslahat geçirildi.

2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Afyon-Karahisar şäheriniň Söwda-senagat palatalary we biržalar bileleşiginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan «Türkmenistan we Türkiýe: häzirki zaman ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlary» atly işewürlik forumy guraldy.

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
