Sport
16.06.2022
6534
«Deňizçi» futzal boýunça Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi
«Deňizçi» futzal topary Balkan welaýatynyň Kubogyny eýeledi. Bu üstünlige Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň topary finalda «Gumdagy» 8:1 hasap bilen utup ýetdi.
15.06.2022
10185
Ildeşimiz agyr atletika boýunça dünýä ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy
Turkmenistanly Medine Amanowa, 2005-nji ýyldan soň dunyä inen türgenleriň arasynda agyr atletika boýunça Meksikanyň Leon şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň dünýä ýaryşynda itekläp galdyrmakda bürünç medal eýeledi. Ol bu üstünligi 59 kilograma çenli agram derejesinde gazandy, şonda 12 ýurtdan agyr atletikaçylaryň 14-si baýrak ugrunda bäsleşdiler.
14.06.2022
7182
Türkmenistan Aziýa-2023 Kubogynyň saýlama oýnunda Bangladeşi utdy
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Malaýziýada dowam edýän Aziýa-2023 Kubogynyň saýlama ýaryşynda «E» toparda Bangladeşi 2:1 hasabynda utdy. Altymyrat Annadurdyýew (7-nji minut) we Arslanmyrat Amanow (77-nji minut), Mohammäd Ibrahim (12-nji) tapawutlandylar.
11.06.2022
6924
Türkmen türgenleri Meksikada ýaşlar arasynda geçýän dünýä birinjiligi ugrundaky bäsleşige başlaýarlar
11-nji iýunda Leonda (Meksikada) başlanýan agyr atletika boýunça doglan ýyly 2005-den öň bolmadyk ýaşlar arasyndaky dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan ýedi türgen gatnaşar.
10.06.2022
7326
Türkmen samboçylary Liwanda geçýän Aziýa çempionatynda 22 medal gazandylar
Ýaryşlara 16 ýurtdan ýetginjekler (18-ýaşa çenli), ýigitler (20-ýaşa çenli) we ulularyň arasynda sport sambosynda şeýle hem erkekleriň we zenanlaryň arasynda söweş sambosynda iň güýçli diýen at ugrunda güýç synanyşan 260 türgen gatnaşdy.
08.06.2022
7413
Ahmet Agamyradow: «Türkmen futbolçylarynyň Aziýa (U-23) Kubogynyň «playoff» tapgyryna çykmagy, has belent sepgit barada oýlanmak üçin gowy itergidir»
Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň futbolçylary Özbegistanda dowam edýän Aziýa-2022 Kubogynda ýene bir taryhy ýeňiş gazandylar. Ikinji tapgyrda Eýrandan 2:1 hasabynda üstün çykyp, toparlaýyn tapgyryň jemleýji oýnunda Katar bilen deňme-deň (2:2) oýnamak bilen, jemleýji ýaryşyň türkmenistanly debýutantlar ilkinji gezek Aziýanyň iň güýçli sekiz toparynyň hataryna girdiler.
05.06.2022
11087
Ildeşlerimiz futbol boýunça Aziýa Kubogynda (U-23) taryhy ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary (23 ýaşa çenli) Özbegistanda dowam edýän Aziýa-2022 ýaşlar Kubogynyň final ýaryşlarynda «A» toparyň ikinji tapgyrynda Eýranyň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykyp, ilkinji ýeňşi gazandy. Arzuwguly Sapargulyýew (28-nji minutda jerime urgusyndan) we Teýmur Çaryýew (80-nji minutda) ýer eýelerinden bolsa Alireza Bawiýe (8-nji minutda) tapawutlandylar.
04.06.2022
7891
Aziýa çempionatynyň ikinji güni türkmen samboçylary bäş medal aldylar
Liwanyň Juniýa şäherinde dowam edýän Aziýanyň sambo boýunça çempionatyň ikinji güni Türkmenistanyň samboçylary bäş sany ‒ bir altyn we dört bürünç medal gazandylar.
03.06.2022
5144
Türkmen samboçylary Aziýa çempionatynyň ilkinji gününde bäş medal gazandylar
Liwanyň Juniýa şäherinde badalga alan Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri dürli derejeli medallaryň bäşisini gazandylar. Ýaryşlaryň birinji gününiň netijeleri boýunça biziň toparymyz bir altyn hem-de kümüş we bürünç medallaryň hersinden ikisine mynasyp boldular.
01.06.2022
10368
Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsullygy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady
2022-nji ýylyň 30-njy maýynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsullygy Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Gadir seýilgähinde köpçülikleýin welosiped ýörişini «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda gurady.