mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysadyýet

news-photo

12.10.2024

total-veiw

4397

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeldýär

Awstriýa Respublikasynyň «M.&D. Gerther Ges.m.b.H» kompaniýasynyň wekillerinden ybarat wekilýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

news-photo

10.10.2024

total-veiw

3407

Ýurdumyzda bir gezek ulanylýan lukmançylyk önümlerini öndürmek üçin ýerli çig malynyň mümkinçiligi

Düýn paýtagtymyzda açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işini dowam etdirýär. Sergi meýdançasynda lukmançylyk pudagynyň soňky gazananlary we taslamalary görkezilýär.

news-photo

09.10.2024

total-veiw

4807

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça çäreleri öwrenýärler

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Halkara deňiz guramasynyň guramagynda geçirilen gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.

news-photo

08.10.2024

total-veiw

5102

Paýtagtymyzda «OGT-2024» maslahaty geçiriler

2024-nji ýylyň 23–25-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» atly  29-njy halkara maslahaty we sergisi (OGT-2024) geçiriler. Çäre «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde guramagynda geçiriler. Bu çäre dünýäniň köp ýurtlarynyň hünärmenlerinde uly gyzyklanma döretdi. 

news-photo

07.10.2024

total-veiw

4130

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 395 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

news-photo

04.10.2024

total-veiw

5308

Täze önümli guýular ulanyşa tabşyryldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny şanly zähmet görkezijilerine besleýän senagat toplumlarynyň biri-de «Türkmennebit» döwlet konsernidir. Bu konsern ýurdumyzda iň iri önümçilik-hojalyk pudagy bolmak bilen, Berkarar döwletimizde nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda uly işleri durmuşa geçirýär.

news-photo

03.10.2024

total-veiw

6521

Ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Şu gün paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi.

news-photo

03.10.2024

total-veiw

5712

«Köňül arzuwy» we «Hazar ýol» kompaniýalary «TransLogistica Kazakhstan-2024» sergisine gatnaşar

«Köňül arzuwy» we «Hazar ýol» hususy ulag-logistika kompaniýalary şu ýylyň oktýabr aýynyň 9–11-i günlerinde Astanada geçiriljek Gazagystanyň «Translogistica Kazakhstan-2024» atly «Ulag we logistika» bagyşlanan 27-nji halkara sergisine gatnaşmaklary üçin bellige alyndy.

news-photo

03.10.2024

total-veiw

4369

Nar hasylyny ýygnamak işleri gyzgalaňly dowam edýär

Şu günler Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri dürli miweli baglarda ýetişdiren hasyllaryny ýygnamak işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar.

news-photo

03.10.2024

total-veiw

3710

Gündogar sebitde şaly oragyna badalga berildi

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda 2024-nji oba hojalyk ýylynda esasy azyklyk ekinleriniň biri bolan şalynyň bol hasyly kemala getirildi we häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýygnamaklyga guramaçylykly girişildi.

...382