mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym

news-photo

09.09.2021

total-veiw

20541

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ilkinji gezek «Times Higher Education»-iň taýýarlan dünýäniň iň gowy ýokary okuw jaýlarynyň bütindünýä sanawyna girdi

Täze okuw ýylynyň başynda «Times Higher Education» (THE) iňlis žurnaly tarapyndan täzelenen dünýäniň iň gowy ýokary okuw jaýlarynyň hataryna ‒ The World University Rankings 2022 ‒ ilkinji gezek türkmen ýokary okuw jaýy ‒ Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty-da girdi.

news-photo

09.09.2021

total-veiw

11416

Türkmenistanly talyp «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň grantyna mynasyp boldy

Düşenbe güni Orenburgda «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň ýapylyş dabarasynda Russiýanyň Ýaşlaryň işi boýunça federal agentliginiň ýaşlar taslamalarynyň Bütinrussiýa bäsleşiginiň we A.M. Gorçakow adyndaky açyk diplomatiýany goldamak Gaznasynyň grant bäsleşiginiň jemi jemlendi.

news-photo

07.09.2021

total-veiw

63999

Sähranyň bezegi - ýandak

Uç-gyraksyz Garagum sährasynda onuň bezegi ýandak ösüp otyr. Kösükliler maşgalasyna degişli bu dermanlyk ösümligiň birnäçe ady bar.

news-photo

06.09.2021

total-veiw

14538

«Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» žurnalynyň täze sanyny TYA-nyň saýtynda okap bilersiňiz

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň saýty «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ýylda üç gezek çykýan elektron ylmy žurnalyň 2021-nji ýylda çykan birinji sanyny okyjylaryň dykgatyna hödürledi.

news-photo

06.09.2021

total-veiw

21560

Bal tagamly gawunlar ülkesi

Ençeme asyr mundan ozal Türkmenistanda ýerli howa şertlerinde bol hasyl berýän, şeýle hem uzak saklanýan we göçe ýaramly gawundyr garpyz görnüşleri döredilipdir. XVII – XIX asyrlarda saýlap-seçmeleriň netijesinde türkmen daýhanlary gawunyň “Waharman”, “Bişek”, “Gök Gülaby”, “Garrygyz” ýaly meşhur, şeýle hem onlarça beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Häzirki wagtda dünýä bakjaçylygynda gawunyň 1600-den gowrak görnüşi hasaba alnypdyr, olaryň 400 görnüşi bolsa türkmen gawunydyr. Tohum saýlamak işi tejribeli bakjaçylar we alymlar – seleksiýaçylar tarapyndan häzirem amala aşyrylýar.

news-photo

04.09.2021

total-veiw

23030

Uly Balkanyň ösümlik dünýäsi

Uly Balkan dar ýaýrawly gadymy ösümlikleriň pena tapan dag gerşidir. Bu ýerde çygy söýýän ösümlikleri, uzak ýaşan äpet agaçlary görmek bolýar. Diňe endemik ösümlikleriň, ýagny diňe Uly Balkanlarda ösýän ösümlikleriň ýigrimä golaý görnüşi bar. Ol diýen uly bolmadyk dagyň üstünde paporotnigi, iňňe pürlüleri we ýowşany görmek bolýar. Bu ýerde ösümlikleriň dermanlyk, iýmit we bezeg toparlarynyň wekilleri duşýar. Köp sanly ekspedisiýanyň netijesinde olaryň ösýän ýerleri, ýaýrawy, gor mümkinçiligi öwrenildi.

news-photo

01.09.2021

total-veiw

10783

Mekdebe esger we mugallym Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda Ahal welaýatyndaky Babarap obasynyň ýaşaýjylarynyň köp sanly haýyşy boýunça, şeýle hem Gökdepe etrap we Ahal welaýat häkimlikleriniň haýyşyny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 42-nji orta mekdebe obadaşlary Annak Sähetmyradowyň ady dakyldy. Mundan başga-da, oba okuwçylarynyň täze okuw jaýy “ýöriteleşdirilen mekdep” derejesini aldy.

news-photo

31.08.2021

total-veiw

12412

Täze mekdepler we bilimiň täze ugurlary

1-nji sentýabrda mekdep okuwçylary, şeýle hem birinji synp okuwçylary üçin täze okuw ýylynyň başlanandygynyň alamaty bolan ilkinji jaň ýaňlandy.

news-photo

24.08.2021

total-veiw

21405

Çagalar we ýetginjekler köşgi

Paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgi täze 2021- 2022-nji okuw ýyly üçin okuwçylary kabul etmegini dowam edýär. Iri okuw we medeni merkezi däp bolşy ýaly, okuwçylar üçin giň görnüşli ugurlar boýunça sowat öwretmegi tölegsiz esasda hödürleýär.

news-photo

23.08.2021

total-veiw

9718

Gadymy senetçiler şäheri Ulugdepä syýahat

Ahal welaýatynyň iň gyzykly taryhy ýadygärliklerinden biri-de Kaka etrabynda ýerleşýän Ulugdepe şäherçesidir. Onuň özboluşlylygy alymlara irki eneolit döwründen demir asyryna çenli (b.e. öňki IV-I müňýyllyklar) ýer astynda saklanýan syrlary açmaga kömek edýän tutuş Merkezi Aziýada iň çuňňur arheologik gatlaklarynyň bolmagydyr.

...232