12.11.2025
3994
«NOKIA» kompaniýasy Türkmenistanyň energetika pudagy üçin tehnologik çözgütleri hödürledi
12-nji noýabrda Aşgabatda açylan «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde «NOKIA» kompaniýasynyň Hazar sebiti we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Balyçew «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdi hem-de ýurdumyzyň energetika pudagy üçin teklipleri beýan etdi.
12.11.2025
4863
«Ta-Tal» teatrynyň sahnasynda «Maugli» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy
Iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň «Jeňňeller kitaby» atly hekaýalar ýygyndysynyň baş gahrymany Maugli «Ta-Tal» teatrynyň ýaş artistleriniň yhlasy bilen täzeden janlandy. Sahna oýny ýabany tebigatda ýaşaýandygyna garamazdan (mysal üçin, möjek sürüsiniň terbiýesini alan ynsan çagasynda bolşy ýaly), adamyň hemişe ynsan bolup galýandygyny we adamlardan daşda bolsa hem olara tarap ymtylýandygyny öwredýär.
12.11.2025
4653
Türkmenistanda kartografiýa boýunça I internet-olimpiada geçiriler
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kartografiýa boýunça I internet-olimpiadanyň geçiriljekdigini yglan etdi.
12.11.2025
3672
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty «CodeMaster 2025» hakatona gatnaşmaga çagyrýar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «CodeMaster 2025» hakatonyny geçirer.
12.11.2025
8921
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Sizi ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmakda, ulag-aragatnaşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
11.11.2025
4870
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi.
11.11.2025
6095
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
Ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.
11.11.2025
5163
Fýodor Dostoýewskiniň Aşgabatdaky ýadygärligine gül goýuldy
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda görnükli rus ýazyjysy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bolup geçdi.
11.11.2025
5119
Ali Baba asyrlardan asyrlara aşyp gelýän rowaýatyň gahrymanydyr
«Sim-sim, açyl!» – hazynalar bilen doly gowagyň gapysyny açýan jadyly sözleri dünýäniň ähli çagalary diýen ýaly bilýärler. Sebäbi şäheriň iň baý adamynyň gyzyna aşyk bolan şadyýan Ali Baba atly oglanyň başdan geçirenleri köp asyrlardan bäri saklanyp galan rowaýata öwrüldi.
11.11.2025
4104
Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Gazagystanyň Almaty şäherindäki Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat guraldy.