25.12.2024
4190
Magtymguly Pyragynyň eserleri indi hytaý dilinde
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
25.12.2024
5837
Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany – Gerkezdäki gymmatlyklar
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezindäki «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň Gerkez obasynda ýerleşýän şahamçasyna baryp görenleriň kalplarynda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalar, unudylmajak täsirler galýar.
25.12.2024
6269
Ýewropanyň bilim taslamalary Türkmenistanda
Ýewropanyň «Erazmus+» maksatnamasynyň Türkmenistandaky milli edarasy ýokary bilimi döwrebaplaşdyrmak, innowasion we ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmek, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreşde ýurduň ileri tutýan ugurlaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly bilim taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini sazlaýar.
25.12.2024
4317
Dümewe gözegçilik etmek boýunça ýyllyk milli maslahat geçirildi
23-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanda dümewe we ýiti dem alyş ýokançlyklaryna gözegçilik etmek boýunça ýyllyk milli maslahat geçirildi.
25.12.2024
4364
«Sungatlar çatrygy» taslamasy: ajaýyp sazlaryň suratlardaky beýany
«Sungatlar çatrygy» halkara taslamasynyň çäginde Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň we Aşgabat şäherindäki 3-nji sazçylyk mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert geçirildi.
25.12.2024
4560
Taslama geňeşiniň mejlisinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we hyzmatdaşlygyň dowamy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň we BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň wekili Narine Saakýanyň, şeýle hem şu iki edaranyň degişli işgärleriniň gatnaşmagynda geçen taslama geňeşiniň mejlisiniň maksady «Adalatçynyň diwanynyň edarawi mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň çäginde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha bermek, şeýle hem mundan beýläkki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.
25.12.2024
10340
Emeli aň bize nirede näme taýýarlaýar?
Tehnologiýanyň ösüşi dowam edýän dünýäde emeli aň durmuşymyzyň ykdysadyýetden tä saglygy goraýşa, bilimden tä güýmenjä çenli her jähetine aralaşyp, adaty ylmy hyýalatyň çäginden çykýar.
24.12.2024
5052
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ýyl ýazgysyny syýasy we ykdysady ulgamlarda, halkymyzyň medeni-ruhy durmuşynda gazanylýan ajaýyp üstünliklere besläp tamamlanyp barýar.
24.12.2024
4954
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
Şu gün Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan lagym suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy.
24.12.2024
6124
Sahnada - Anton Çehow öz eserleriniň gahrymanlary bilen
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Çehowyň wodewilleri» spektaklynyň ilkinji görkezilişi uly üstünlik gazandy.