Sport
10.02.2026
3492
Natalýa Dones: «Arkadag» toparynyň arkasynda tutuş ýurt dur
Aşgabatda geçirilýän halkara mediaforumyň çäklerinde Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) habarçysy Natalýa Dones türkmen futbolynyň ösüşi baradaky garaýyşlaryny «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy bilen paýlaşdy. Daşary ýurtly myhman üçin Türkmenistana bu ilkinji sapar bolup, ol diňe bir özboluşly medeniýeti däl, eýsem, geljegi uly sport taslamasyny hem açdy.
09.02.2026
4299
«Arkadag» futbol topary dünýä metbugatynyň üns merkezinde
Şu gün paýtagtymyzda «Arkadag» futbol topary — türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirilen forum türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
08.02.2026
4777
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
Paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň gözelleşmeginde möhüm orna mynasyp bolan Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak barada Gahryman Arkadagymyza haýyş bilen ýüz tutdular.
08.02.2026
2970
Türkmen pälwanlary Groznyda geçirilen ýetginjekler ýaryşynda bäş medal gazandylar
Groznyda geçirilen 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça «RWL-VI Riada Wrestling Liga» atly halkara ýaryşynda türkmen pälwanlary dürli derejeli bäş medal gazandylar.
07.02.2026
2967
Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň ýaryşlaryna badalga berildi
Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň ýaryşlary başlandy. Bu ýaryş iri halkara bäsleşiklere gatnaşjak milli ýygyndy toparyny düzmekde kesgitleýji tapgyr bolup durýar.
07.02.2026
3400
«Al-Nassr» topary «Arkadag» topary bilen boljak duşuşykdan öň «Al-Ittihad» toparyny ýeňdi
«Al-Nassr» topary Saud Arabystanynyň futbol boýunça çempionatynda ýene bir ýeňiş gazandy. 21-nji tapgyryň öý duşuşygynda Türkmenistanyň «Arkadag» toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasyndaky garşydaşy Jiddanyň «Al-Ittihad» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.
06.02.2026
6521
«Arkadag» bilen «Al-Nassr» toparlarynyň duşuşygynyň öňüsyrasynda Aşgabady owadan ýazgylar bezedi
Türkmenistanyň paýtagty möwsümiň iň möhüm sport wakalarynyň birini – AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görýär. Şol gün futbol meýdançasynda Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» we Saud Arabystanynyň iň ökde topary «Al-Nassr» toparlary duşuşarlar.
06.02.2026
6119
Aşgabat uly futbol baýramçylygyna garaşýar
Täze ýylyň gelmegi Türkmenistanda hakyky futbol joşguny bilen utgaşdy. Bu bolsa geň galdyrýan ýagdaý däldir. Türkmenistanlylar elmydama bu iň meşhur sport görnüşiniň hakyky muşdaklarydyr.
05.02.2026
4091
Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri jemlendi
Aşgabatda uly sport çäresi, ýagny çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. 72 medal ugrunda dowam eden ýaryşlaryň ahyrky oýunlary rapid we blis usulynda geçirildi. Ozal nusgawy görnüşinde geçirilen ýaryşyň ýeňijileri kesgitlendi.
04.02.2026
4622
«Arkadag» futbol toparynyň «Al-Nassr» topary bilen geçiriljek duşuşyklaryna taýýarlyk türgenleşikleri jemleýji tapgyrynda
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Aşgabadyň «Olimpiýa» stadionynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň duşuşyklaryna taýýarlygyň jemleýji tapgyryna girişdiler.