mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport

news-photo

21.11.2023

total-veiw

7365

Türkmenistan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň myhmanlaryny garşy alýar

23-nji noýabrdan 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy. Bu gün iri sport ýaryşyna myhmanlar we oňa gatnaşyjylar ak mermer paýtagtymyza gelýärler.

news-photo

21.11.2023

total-veiw

5942

Türkmenistan uly sport wakasynyň bosagasynda

Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça 14-nji Dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy, emma onuň ýylyň esasy sport wakalarynyň biri hökmünde taryha girjekdigini eýýämden aýdyp bileris.

news-photo

21.11.2023

total-veiw

6071

Türkmenistanly agyr atletikaçy Meksikada geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda kümüş medal eýeledi

Türkmenistanly Gaýgysyz Töräýew Gwadalaharada (Meksika) ýetginjekleriň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda silterläp, itekläp götermekde we umumy hasapda kümüş medallaryň üçüsine mynasyp boldy.

news-photo

20.11.2023

total-veiw

5202

«Köpetdag» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Merw» toparyndan üstün çykdy

Marydaky «Sport toplumy» stadionynda «Merw» topary bilen paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň soňa goýlan oýny geçirildi.

news-photo

18.11.2023

total-veiw

6087

Ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda türkmenistanly dzýudoçylar kümüş we bürünç medal gazandylar

Türkmenistanly dzýudoçylar Daşkentde ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda iki medal gazandylar. Iki gün dowam eden bu ýaryşda goýlan 16 toplum baýrak ugrunda 15 ýurtdan 181 (103 erkek we 78 zenan) sportçy bäsleşdi.

news-photo

16.11.2023

total-veiw

8346

Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna rekord derejede köp türgen gatnaşar

2023-nji ýylyň 23–28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna rekord derejede köp türgen gatnaşar.

news-photo

16.11.2023

total-veiw

22873

Türkmenistanyň MOK-nyň Baş sekretary AOG-niň 2025-nji ýylda Daşkentde Aziýa ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komitetiniň düzümine girdi

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary Ata Akmämmedow 2025-nji ýylda Daşkentde geçiriljek Aziýa ýetginjekler oýunlaryny geçirmek boýunça Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň utgaşdyryjy komitetiniň agzasy boldy.

news-photo

15.11.2023

total-veiw

6292

Karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda türkmen talyby bürünç medaly eýeledi

Türkmenistanly türgen Baýry Baýryýew Almatyda (Gazagystan) geçirilen karate boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 22 ýaşly 5-nji ýyl talyby 67 kilograma çenli agramda şeýle üstünlik gazandy.

news-photo

13.11.2023

total-veiw

6364

Türkmenistanly samboçy Ýerewanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal eýeledi

Türkmenistanly türgen Begenç Baltaýew Ýerewanda geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy. Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň 2-nji sport mekdebiniň 28 ýaşly tälimçisi bu üstünligini 79 kg çenli agram derejesinde gazandy. Ýaryşda 24 pälwan medallar ugrunda göreşdi.

news-photo

13.11.2023

total-veiw

8901

Türkmenistanly küştçüler ýetginjekleriň arasynda Italiýada geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýarlar

Dünýä ýurtlarynyň 93-sinden, şol sanda Türkmenistandan hem şu gün Italiýanyň Montesilwano şäherinde 14, 16 we 18 ýaşly ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda başlanan küşt boýunça dünýä çempionatyna ýygnandylar.

...246