Sport
31.01.2023
6426
Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýanyň Naýbaşy baýragy ugrunda ýaryşda güýçlüleriň bäşligine girdi
Türkmen dzýodoçysy Serdar Rahymow Almada şäherinde geçirilen 2023-nji ýylda Portugaliýanyň Naýbaşy baýragy ugrunda ýaryşda bürünç medala az-kem ýetmän galdy.
30.01.2023
7359
Şagadam köçesinden meşhur çempion
Taryh, şol sanda sportuň taryhy bir günde amala aşmaýar. Bu, edil arheologiýa ýaly, wagt taýdan örän uly giňişlikdir.
23.01.2023
10751
Merýem Agajanowa ýaşy 20-ä çenli gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy
16 ýaşly Merýem Agajanowa ýetginjek (ýaşy 20-ä çenli) gyzlaryň arasynda paýtagtymyzda geçirilen welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 30 gyz gatnaşan Türkmenistanyň birinjiliginde ýeňiş gazandy.
23.01.2023
6783
Türkmen tennisçisi Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda baýrak aldy
Türkmenistanly ýaş tennisçi Sülgün Işangulyýewa Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medal gazandy.
19.01.2023
7081
Erkekler toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijileri kesgitlendi
Türkmenistanda erkekler toparlarynyň arasynda woleýbol boýunça milli çempionatyň ýeňijileri kesgitlendi. Bäsleşik 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli iki aýlawda geçirildi.
18.01.2023
5414
Türkmenistanly tennisçiler topary Aziýa çempionatynyň (U-14) iki saýlama ýaryşynyň netijeleri boýunça bürünç medala eýe boldular
Türkmen tennisçileri Isa Taunda (Bahreýn) tamamlanan Merkezi we Günbatar Aziýa sebitiniň 14 ýaşa çenli oýunçylaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň – «ITF Asia 14&U Development Championships» saýlama ýaryşynda toparlaýyn hasapda 3-nji orny eýeläp, kubok we bürünç medallar bilen sylaglandy.
17.01.2023
5685
Türkmen tennisçileri Aziýa (U-14) birinjiliginiň birinji saýlama ýaryşynyň kümüş baýragyny eýelediler
Türkmen tennisçileri Ilima Guseýnowa, şeýle hem Imran Ahundow we Selim Çagylow ýaşy 14-e çenli tennisçileriň arasynda Merkezi we Günbatar Aziýa sebitiniň Aziýa birinjiliginiň birinji saýlama ITF Asia 14&U Development Championships ýaryşynda kümüş baýrak eýelediler. Iki saýlama tapgyrdan ybarat ýaryş 8 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda Bahreýniň Isa-Taun şäherinde geçýär.
16.01.2023
6357
Türkmen hokkeýçileri Kazanda geçirilen halkara ýaryşda Gyrgyzystanyň ýygyndy toparyny utdy
Tatarystan Respublikasynyň paýtagtynda Yslam ýurtlarynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän «Kazan Hockey Cup» halkara ýaryşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji ýeňşi gazandy. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda ildeşlerimiz Gyrgyzystanyň milli ýygyndysyny 5:4 hasabynda ýeňdi.
14.01.2023
4785
Türkmen hokkeýçileri Kazanda geçirilýän Yslam ýurtlarynyň toparlarynyň arasyndaky halkara ýaryşa gatnaşýarlar
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hokkeýçileri şu gün Kazanda başlanýan Yslam ýurtlarynyň we Tatarystan Respublikasynyň toparlarynyň arasynda ilkinji halkara ýaryşa gatnaşarlar. Toparymyzy onuň guramaçylary düýn Kazanyň howa menzilinde tatar halk sazy bilen garşyladylar.
13.01.2023
7516
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşdaky bäsdeşleri belli boldy
Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) edarasynda geçirilen bije atyşlykda Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiada zenanlar toparlarynyň arasynda futbol boýunça saýlama ýaryşda Hindistanyň we Gyrgyz Respubliaksynyň ýygyndylary Türkmenistanyň toparynda bäsdeşler boldy.