05.06.2025
2922
Türkmenistanyň DIM-de türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkiýe Respublikasynyň DIM-iň Merkezi Aziýa we Türk döwletleri guramasynyň işleri boýunça Baş müdirliginiň başlygy Togan Oralyň arasynda duşuşyk geçirildi.
05.06.2025
2820
«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda «Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti» atly maslahat geçirildi
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda «Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti» atly maslahat geçirildi.
05.06.2025
2605
Türkmenistan hem-de Hytaýyň Gansu welaýaty hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatorynyň orunbasary Leý Syweýiň arasynda duşuşyk geçirildi.
05.06.2025
2011
Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
05.06.2025
4682
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi
4-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar gününe hem-de Parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanylyp, «Hormatly Prezidentimiziň ylym we ýokary tehnologiýalaryň ösüşi babatda alyp barýan syýasaty – ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ýagdaýy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
05.06.2025
3951
Türkmenistan we Belarus DÖM-i durmuşa geçirmekde tejribe alyşýar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, şeýle hem Statistika boýunça döwlet komitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýeti Belarus Respublikasynda saparda bolýar. Bu sapar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan durmuşa geçirilýän «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin ýerlik, III tapgyr» taslamasynyň çäginde guraldy.
05.06.2025
3883
Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň arasynda olimpiada geçirildi
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanylyp, Türkmenistanyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dersara olimpiada geçirildi.
05.06.2025
1706
Aşgabatda SPE-niň bölümine ýüz töweregi bilermen gatnaşdy
«Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatda SPE-niň Russiýa we Hazar sebiti boýunça sebit direktory Alekseý Borisenko nebitçi inženerleri jemgyýetiniň (SPE) alyp barýan işleri barada çykyş etdi.
05.06.2025
2863
Pars dili we edebiýaty boýunça okuwa ýazylyşyk başlandy
Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde pars dili we edebiýaty okuwyna ýazylyşyk başlandy.
05.06.2025
1997
Aşgabatda energetikada ekologiýa ugurlary boýunça TESC 2025 halkara maslahaty geçirildi
5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni Aşgabatda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.