04.06.2025
7807
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
04.06.2025
4012
Ýurdumyzda bugdaý oragyna badalga berildi
4-nji iýunda ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň möhüm tapgyry bolan şu ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Onuň netijeleri halkymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekde ekerançylaryň ýene-de bir möhüm goşandy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine mynasyp sowgat bolar.
04.06.2025
5153
Döredijilik festiwaly medeniýetleri ýakynlaşdyrýar
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.
04.06.2025
2145
TESC 2025-de ýaşyl energetika barada gepleşigiň başyny BMG-niň geçiren duşuşygy başlady
5-nji iýunda başlanýan «Uglewodorod ýataklary işlenende, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda Aşgabatda BMG bilen bilelikde ýola goýlan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanda syýasatyň we milli mümkinçiligiň ýaşyl energetika geçmek üçin taýýarlanylmagyna goldaw bermäge bagyşlandy.
04.06.2025
3910
Howa tehnologiýasynyň sebit merkeziniň işe girizilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy
TESC-2025 halkara ylmy-amaly maslahatyň öňýany geçirilen «tegelek stolda» Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howa tehnologiýalary sebit merkeziniň şu ýylyň ahyryna çenli Aşgabatda açylmagyna umyt bildirdi.
04.06.2025
2500
Ýokary okuw mekdebiň wekilleri iş sapary bilen Awstriýada
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti 1-nji iýundan bäri Awstriýanyň Gras Tehniki uniwersitetinde iş saparynda bolýar.
04.06.2025
3433
TFF FIFA bilen bilelikde Türkmenistanda futbol zehinlerini ýüze çykarmak boýunça maslahat gurady
Şu gün Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda Halkara futbol assosiasiýalary federasiýasynyň (FIFA) futbol zehinlerini ýüze çykarmak boýunça meýilnamasynyň «FIFA Talent Identification Course» çäklerinde geçirilen maslahata ýurduň ähli sebitlerinden çagalar we ýetginjekler toparlarynyň tälimçileri ýygnandylar.
04.06.2025
3780
Italiýaly sazanda Nello Salza Aşgabatda konsert berdi
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italiýaly Nello Salzanyň konserti geçirildi. Italiýaly turbaçy bu konserti kompozitor, sazlary gaýtadan işleýji we kinofilmlere saz döreden Ennio Morrikoneniň ýagty ýadygärligine bagyşlady.
04.06.2025
2329
Türkmenistan Melburnda CDIO 2025 Halkara maslahatyna wekilçilik edýär
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Monaşa uniwersitetinde 1–5-nji iýun aralygynda geçirilýän CDIO 2025 Halkara maslahatyna gatnaşýar.
04.06.2025
4306
Aşgabatda ÝUNISEF-iň tomusky howa mekdebi açyldy
Aşgabatda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýaşlar tomusky howa mekdebi açyldy. Bu başlangyç howanyň üýtgemegine garşy göreşde betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak üçin 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň Gün tertibinde ýaş nesliň tagallalaryny birleşdirmäge niýetlenendir.