08.05.2025
6210
«Ak şäherim Aşgabat» halkara sergisi we maslahaty türkmen paýtagtynyň gazananlaryny görkezer
Aşgabat 2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat geçirmäge taýýarlanýar. Bu möhüm waka türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy, senagat, ylym we bilim ýaly möhüm ugurlardaky mümkinçiligini we dinamiki ösüşini görkezmek üçin bir ýerlik bolar.
08.05.2025
3204
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
08.05.2025
3045
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan, gahrymançylygyň we edermenligiň ajaýyp nusgasy hökmünde öçmejek şöhrata beslenen Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
08.05.2025
2382
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
08.05.2025
2760
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fridrih Merse Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
08.05.2025
7530
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
08.05.2025
4967
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwda geçirilen dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar
Türkmen agyr atletikaçylary Peruwyň paýtagty Lima şäherinde tamamlanan ýetginjekleriň (U17) we ýaşlaryň arasynda geçirilen (U20) dünýä çempionatynda 12 medal gazandylar, bu ýerde baýrak ugrunda 77 ýurtdan gelen 531 türgen (265 gyz we 266 oglan) bäsleşdi.
08.05.2025
4181
Gowaçalara ideg işleri guramaçylykly dowam etdirilýär
Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler.
08.05.2025
5230
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan konserte gelenlerden ýaňa teatr hyryn-dykyn doludy. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi şu konserti geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdiler.
08.05.2025
6468
Tans çykyşlary we beýleki medeni çäreler
Aşgabadyň medeniýet durmuşynda türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ünsüni özüne çekjek birnäçe gyzykly çäreler göz öňünde tutulan.