07.04.2025
5661
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
07.04.2025
5984
Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu möhüm waka wideoaragatnaşyk görnüşde, ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.
07.04.2025
4914
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.
07.04.2025
6240
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýarlar
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýändigi barada yglan etdi.
07.04.2025
3974
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 835 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy.
07.04.2025
3634
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda halkara maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Bitaraplyk derejesi – durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme.
07.04.2025
3744
Türkmenistan-ÝUNESKO: gatnaşyklar has-da berkeýär
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk we ynanyşmak – ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly klubunyň açylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
07.04.2025
3589
Diýarymyzda maýyl we bulutly howa bolar
Türkmenistana baharyň maýyl howasy ornaşar. Hepdäniň başynda az-kem ýagşyň ýagmagy mümkin. Howa gündizlerine ortaça +25…+35 gradus aralygynda maýyl we ondanam ýokary maýyl howa bolar diýlip garaşylýar.
07.04.2025
4457
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ajaýyp senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
07.04.2025
5412
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalara beslenýän toýly günlerinde dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Türkmenistan döwletimizi depginli ösdürmekde, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.