31.03.2025
6206
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) olaryň abadanlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny goramak babatda hyzmatdaşlygyny giňeldýär.
31.03.2025
5434
«Arkadag» futbol topary 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatyny uly ýeňiş bilen başlady
«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatyny Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny uly ýeňlişe sezewar etmek bilen başlady – 4:0.
31.03.2025
6803
2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşynyň saýlama oýunlarynda türkmen futbolçy gyzlarynyň garşydaşlary kesgitlendi
Mýanmanyň, Bahreýniň we Bangladeşiň milli ýygyndy toparlary Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen zenan toparlarynyň arasynda 21-nji Aziýa Kubogy saýlama ýaryşynyň bijesinden soň türkmen futbolçy gyzlarynyň garşysyna oýnarlar, onuň final bölegi 2026-njy ýylda Awstraliýada geçiriler.
31.03.2025
4162
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 38 million 127 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
30.03.2025
2977
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Döwlet dolandyryş Geňeşiniň Başlygy, Premýer-ministri Min Aun Hlaýgna ýurduň merkezi sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
30.03.2025
3430
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
30.03.2025
3905
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
30.03.2025
8235
Türkmenistanyň ykdysady ösüşi: Bütindünýä maýa goýumlary üçin täze mümkinçilikler
2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara Forumy (TEIF 2025) maýa goýum syýasaty babatda öňdebaryjy hünärmenleri birleşdirýän möhüm waka bolar.
30.03.2025
4842
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi adamzadyň belent ruhy gymmatlyklaryny — ynsanperwerligi we haýyr-sahawaty, päk ýürekliligi, ahlak tämizligini dabaralandyrýan Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Oraza baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da pugtalandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.
30.03.2025
3091
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi ynsanperwerligiň, rehimdarlygyň, sahawatlylygyň, ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň baýramy bolan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.