03.12.2024
5904
Watanymyzyň hem halkymyzyň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.
03.12.2024
4424
Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.
03.12.2024
9695
Türkmenistanda ýurdumyzyň mekdepleriniň 12-nji synplary üçin okuw kitaplary neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi bilen ýurdumyzyň mekdepleriniň 12-nji synplary üçin okuw kitaplaryny neşir etdi.
03.12.2024
3592
Alymlar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tejribe alyşýarlar
Aşgabatda howa we agro-ekologiki maliýeleşdirme boýunça maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga geljekki hyzmatdaşlar hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň ýanyndaky Ylmy-habarlar merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň we ýer serişdeleri pudagynda ýerli bilermenleriň wekilleri gatnaşdy.
03.12.2024
3610
Petdelik tokaý ekoulgamlaryny garyşyk dikeltmegiň innowasion usuly synag edildi
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde agaçlar ekildi.
03.12.2024
4902
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeş boldular
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
02.12.2024
3809
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.
02.12.2024
3470
Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) BMG-niň Aral deňziniň howdanynyň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmak boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi.
02.12.2024
5927
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa sowar
Hepdäniň başynda maýyl bolandygyna garamazdan, dynç günleri golaýlaşdygyça Türkmenistanda howanyň birden peselmegine garaşylýar. Howa gündizlerine ortaça +12 gradus bolar.
02.12.2024
5088
Türkmen hünärmenleri adam hukuklary guramalarynyň arzalara garamak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdylar
BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany BMGÖM-üň halkara adam hukuklary boýunça hünärmeni Georgiý Tuguşiniň gatnaşmagynda şikaýatlary kabul etmegiň we olara garamagyň usulyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirdi.