06.11.2024
4138
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Erik Liwniniň arasynda duşuşyk geçirildi.
06.11.2024
6552
Türkmenistanyň wekiliýeti 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy
2024-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Seul şäherinde Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Ço The Ýulyň ýolbaşçylygynda 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi.
05.11.2024
7127
Durmuşyň ähli ulgamlaryny özgertmek — döwlet syýasatynyň baş maksady
Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, döwlet tarapyndan ilata berilýän goldawyň ýokary derejesini üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir.
05.11.2024
5681
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň 70 ýaşy bellenildi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli «Döredijilik pursatlary» atly nakgaşçylyk we grafiki eserleriniň sergisi guraldy.
05.11.2024
4912
Röwşen Nepesowyň «Pyragy» atly saz eseri
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Röwşen Nepesowyň awtorlyk konserti geçirildi, onda kompozitoryň täze eseri – «Pyragy» atly saz eseri ýerine ýetirildi. Biz onuň bilen duşuşyp, ony üstünlikli çykyşy we doglan güni bilen gutladyk.
05.11.2024
6407
Amerikan edebiýatynyň wekilleri Türkmenistana gelip gördüler
Aýowa uniwersitetiniň Halkara ýazyjylyk maksatnamasynyň we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmeginiň çäginde Aşgabat şäherine gelen amerikan edebiýatynyň tanymal şahslary Haleh Liza Gafori we Kristofer Merrill türkmenistanlylary ýazyjylyk ussatlygy we ABŞ-nyň medeniýetiniň inçe syrlary bilen tanyşdyran birnäçe döredijilik agşamyny geçirdiler.
05.11.2024
8124
«Merdana nesil – 2024» atly bäsleşik yglan edildi
6-njy noýabrda Halkara Bitaraplyk güni we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Merdana nesil – 2024» atly bäsleşigiň birinji tapgyry başlanýar.
05.11.2024
6029
Kapadokiýanyň asmanyna Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 300 sany howa şary uçuryldy
2024-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi.
05.11.2024
5068
Aşgabatda Çehiýa Respublikasynyň uniwersitetleriniň ýarmarkasy geçirildi
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýarmarkasy geçirildi.
04.11.2024
5208
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.