29.10.2024
5507
Malaýziýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan halkara medeni çäre guraldy.
29.10.2024
3527
Türkmenistanyň wekilleri Almatyda geçirilýän sebit forumyna gatnaşýarlar
Sebitde zorlukly ekstremizmiň öňüni almak strategiýalaryny işläp taýýarlamaga bagyşlanan «Merkezi Aziýanyň durnukly geljeginde ýaşlaryň orny» forumy Almatyda öz işine başlady. Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşýarlar.
29.10.2024
4781
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
28.10.2024
4526
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.
28.10.2024
5885
Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
28.10.2024
5430
Tokio şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady.
28.10.2024
5680
Türkmenistanda ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar
Oktýabr aýynyň soňunda ýurdumyzda ýagyşly howa bolar. Howanyň temperaturasy +18 gradusdan +23 gradus aralygynda bolar.
28.10.2024
4660
Orkestriň sazandalary synagdan üstünlikli geçdiler
M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda geçirilen ýaş ýerine ýetirijiler festiwalynyň çäklerinde Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestriniň konserti boldy.
28.10.2024
4548
Täze uçurymlara diplomatik sowatlylyk ugrundan ýörite şahadatnamalar gowşuryldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda işleýän «Diplomatik protokol» ýöriteleşdirilen okuw merkezinde okuwyň üçünji tapgyry tamamlandy.
28.10.2024
6109
Ýaş alym zylçaly ýowşanyň efir ýagly ýumşak želatin kapsulalaryny almak tehnologiýasyny patentletdi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary barlaghanasy ýerli çig mallardan, derman ösümliklerinden we minerallardan biologik işjeň maddalary ýygnamak arkaly dürli dermanlary almak we olary innowasiýa tehnologiýalary esasynda ulanmak ugrunda ylmy-gözleg işlerini alyp barýar.