07.02.2024
6313
«Ýaş tebigatçy» guramasy eko-şygar bäsleşigini yglan etdi
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ýurdumyzyň dürli künjeklerinden tebigaty söýýänleri iň gowy şygar bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
06.02.2024
6347
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
06.02.2024
6489
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum meýilnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda degişli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna, ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik ederler.
06.02.2024
9387
Türkmenistanyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjy halkara derejede uly ähmiýete eýedir
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi we ýaýradyldy. Resminama Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edildi.
06.02.2024
5201
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň medeniýet boýunça halkara guramasyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi.
06.02.2024
6576
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymgulynyň durmuşynyň dört döwri hakynda sahna oýny goýulýar
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda sahnalaşdyrylan «Aşyk Magtymguly» pýesasynyň taýýarlanmagy islendik kişiniň ünsüni özüne çekýär. Spektaklda tomaşaçylaryň öňünde çykyş etjek Magtymguly Pyragynyň ömrüniň dört döwri sahna sungatynda özboluşly bir wakadyr.
06.02.2024
5168
Türkmenistanyň talyplary «CyberQuest» hakatona gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny «CyberQuest» atly intellektual IT-bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
06.02.2024
8464
Aşgabatdyň awtobus duralgalary Magtymguly Pyragynyň şekili bilen bezeldi
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň duralgalarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň dana sözleri we goşgularyndan bölekler bilen birlikde dana akyldaryň suraty şekillendirilen suratlar peýda boldy.
06.02.2024
5612
Adatdan daşary ýagdaýlarda görülmeli çärelere taýýarlygy üpjün etmek boýunça tälim okuwy geçirildi
Türkmenistan tarapyndan başlangyç alan Hazar deňzinde bäş taraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky resminamalaryň arasynda Hazar döwletleriniň 2014-nji ýylda Astrahan şäherinde geçirilen IV sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak babatynda hyzmatdaşlyk şertnamasy-da bar.
06.02.2024
6847
«Dragon Oil» kompaniýasynyň wekiliýet agzalary bilen duşuşyk
Şu gün «Türkmennebit» döwlet konseriniň ýolbaşçylary bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen BAE-niň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.