08.02.2024
4653
Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň BUNKER-2001 konwensiýasyna goşuldy
Halkara Deňiz Guramasy Türkmenistanyň «Bunker ýangyjy zerarly ýüze çykýan hapalanmadan gelýän zyýan üçin raýat jogapkärçiligi baradaky halkara konwensiýa» (BUNKER-2001) goşulmagyny oňlady.
08.02.2024
21519
Türkmenistanly agyr atletikaçy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi
Türkmen türgeni Gaýgysyz Töräýew Daşkentde (Özbegistan) geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ştangany itekläp götermekde we iki synanşygyň jemi boýunça iki bürünç medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby olimpiýa maksatnamasyna girmeýän 81 kilograma çenli agram derejesinde 10 türgeniň arasynda medallar ugrunda bäsleşdi.
07.02.2024
10094
2024-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän şu ýylyň ýanwar aýynda duşuşyklar, syýasy geňeşmeler, söhbetdeşlikler, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki maslahatlar yzygiderli geçirildi.
07.02.2024
5995
Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Dynç günlerinde paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin gyzykly medeni çäreler garaşýar.
07.02.2024
6026
Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy bilen bagly maslahatlaşmalar (OHCHR)
2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Ženewa şäherinde ýerleşýän Wilson köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türkiň arasynda duşuşyk geçirildi.
07.02.2024
7666
«Oskar ýa-da bir gün üçin gaty köp» sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň «Oskar ýa-da bir gün üçin gaty köp» komediýasynyň ilkinji görkezilişi boldy.
07.02.2024
13442
Magtymguly Pyragynyň özüne bendi ediji şygryýeti
Beýleki beýik şahsyýetler ýaly Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti, ömri we döredijiligi köp sanly daşary ýurtly alymlaryň we öwrenijileriň ünsüni hemişe özüne çekýän jadyly güýç bolupdy diýsek uly açyş etdigimiz bolmaz.
07.02.2024
5412
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük edaralarynyň işgärlerini taýýarlamakda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi maksat edinýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň işgärleri bilen Russiýanyň gümrük akademiýasynyň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk boldy.
07.02.2024
6689
Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň eserleriniň sergisi açyldy
Nakgaşlar birleşiginiň Sergi merkezinde Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň eserleriniň sergisi açyldy. Bu döredijilik okuw mekdebinde nakgaşlyk hünärini saýlan zehinli ýaşlarymyz kär başarnygyny özleşdirýärler. Şonuň üçinem türkmen şekillendiriş sungatynyň geljegi, esasan, olaryň mugallymlaryna baglydyr.
07.02.2024
9317
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny esse ýazmak boýunça bäsleşige çagyrýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň orny» atly tema boýunça esse ýazmak bäsleşigine gatnaşjaklary çagyrýar.