mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

news-photo

05.02.2024

total-veiw

21742

Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumat

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Howa gijelerine 0... -2 gradusdan +5... +7 gradus aralygynda, gündizlerine +11... +13 gradusdan +17... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.

news-photo

05.02.2024

total-veiw

13112

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer. Okuwçylar üçin bäsleşikler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdebi tarapyndan guraldy.

news-photo

05.02.2024

total-veiw

6143

Türkmenistanyň Gahrymany kosmosda bolmagyň umumy dowamlylygy boýunça täze rekord goýdy

Rus kosmonawty, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko kosmosda bolmagyň umumy dowamlylygy üçin täze rekord goýdy. Bäş kosmos gatnawynda jemi 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunt toplan watandaşymyzyň görkezen netijesi Gennadiý Padalkanyň ozalky rekordlaryndan ýokary boldy.

news-photo

05.02.2024

total-veiw

7016

Türkmenistan Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlarynda geljegiň möhüm ulag merkezine öwrülip biler

Demirgazyk – Günorta halkara ulag geçelgesi üçin ulag we logistika merkezleriniň sanly sanawy döredilýär. Oňa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasy barada maglumatlary girizmek meýilleşdirilýär.

news-photo

05.02.2024

total-veiw

7802

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy «Gonkong ýyldyzlarynyň» hatarynda Messiniň toparyna garşy oýnady

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Gonkongyň «Kitçi» toparynyň 32 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň ýyldyzlar toparynyň hatarynda Lionel Messiniň çykyş edýän «Inter Maýami» topary bilen ýoldaşlyk oýnuna gatnaşdy. Oýun 4-nji fewralda Gonkongyň 40 müň adamlyk milli stadionynda geçirildi we 4:1 hasabynda ABŞ-nyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. 

04.02.2024

total-veiw

8303

Halkyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi Watanymyzyň ösüş strategiýasynyň baş maksadydyr

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

news-photo

04.02.2024

total-veiw

5106

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


news-photo

04.02.2024

total-veiw

5042

Türkmenistanyň Prezidenti Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulite we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Laos Halk Demokratik Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

news-photo

04.02.2024

total-veiw

6361

Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatyna gatnaşýarlar

Daşkentde başlanan 34 ýurtdan 239 türgeni ýygnan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna Türkmenistanyň topary hem gatnaşýar.

news-photo

04.02.2024

total-veiw

9256

Günbatar sebitde mallar dok we ýyly gyşladylýar

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Günbatar sebitde hem eýeçiligiň ähli görnüşlerinde dowarlaryň, sygyrlaryň, düýeleriň, gylýallaryň, guşlaryň baş sany ýylsaýyn artýar. 

...3278