Ykdysadyýet
03.10.2026
1314
Gyrgyzystan we Türkmenistan Merkezi Aziýada maýa goýum hyzmatdaşlygyny berkidýärler
Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde guran Türkmenistanyň Maýa goýum forumy öz işini jemlendi. Forum döwlet düzümleriniň ýolbaşçylaryny, öňdebaryjy halkara bilermenleri, halkara maliýe institutlarynyň we transmilli kompaniýalaryň wekillerini birleşdiren abraýly meýdança öwrüldi.
01.10.2026
3852
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady.
01.10.2026
3139
Aşgabat daşary ýurtly maýadarlar bilen konstruktiw dialogy giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynda öz işine başlan Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Bu çäre daşary ýurtly maýadarlar, halkara maliýe institutlary, Türkmenistanyň döwlet edaralary we hususy pudagynyň arasynda dialogy giňeltmäge gönükdirilendir.
01.10.2026
3522
Makroykdysady durnuklylygy görkezýän Türkmenistan maýa goýumlaryny çekmek üçin açyk
Türkmenistanyň paýtagtynda sebitde geçirilýän esasy işewürlik çäreleriniň biri bolan Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Iki günlük çäre maýadarlary, halkara maliýe guramalarynyň bilermenlerini, innowasion pudagyň wekillerini we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
01.10.2026
2035
Ulag, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar: Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Bu halkara we sebit derejesindäki esasy işewürlik çäreleriniň biridir. Bu çäre halkara maýadarlaryny, dünýäniň maliýe guramalarynyň bilermenlerini, innowasion pudagyň wekillerini we ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň ýolbaşçylaryny birleşdirýän abraýly meýdança öwrüldi.
30.09.2026
3117
«Dragon Oil»: uzak möhletli iş tejribesinden Hazar deňzindäki täze mümkinçiliklere tarap
Türkmenistanda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri alyp barýan işi «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýurduň deňiz nebitgaz pudagynda halkara operator hökmünde ornuny berkitdi.
29.09.2026
3330
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
24.09.2026
4589
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletimiziň esasy ykdysady ugurlaryny beýan etdi
23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýakyn ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerini kesgitledi.
24.09.2026
4252
Türkmenistan ulag-logistika mümkinçiliklerini we pudagyň sanlylaşdyrylmagyny giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny pugtalandyrmak boýunça giň gerimli çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi.
24.09.2026
4442
Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlarynyň möçberi 2026-njy ýylda 41 milliard 200 million manatdan geçer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 41 milliard 200 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlaryň özleşdiriljekdigini belledi.