2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna we bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýakynda Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksa hem-de “Hedaýa” Zorlukly ekstremizme garşy göreş boýunça öňdebaryjy tejribäniň halkara merkeziniň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi.

Düýn Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly sport marafony geçirildi.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.

2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly daşary syýasy başlangyçlary bilen Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy iňňän dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler.
