Şu ýylyň 10 – 14-nji oktýabry aralygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasyna halkara metbugat sapary guralar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň bagbanlary, kärendeçi daýhanlarydyr hususyýetçileri has-da göreldeli zähmet çekýärler.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşýan döwlet Baştutanlary we belent mertebeli myhmanlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň festiwalyna gatnaşdylar.
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy.
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Diplomatik duşuşygyň dowamynda çuňňur taryhy-medeni köklere hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň okgunly ösýän häsiýeti nygtaldy.