2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

2025-nji ýylyň 10-nji aprelinde kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) degişli wekilleri gatnaşdy.

2025-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýyl – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Wenadaky Ilçihanasy ýörite sergi gurady.

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzstandaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre gurady.

Şu günler paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri ýurdumyzyň Balkan welaýatynda döredijilik saparynda bolup, welaýatyň çar künjeginde özleriniň göçme çykyşlaryny guraýarlar.
