11.07.2026
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýylyň ilkinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady pudagy üçin esasy wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz milli pul hümmetiniň durnuklylygyny saklamaga we döwlet serişdelerini netijeli dolandyrmaga aýratyn üns berilmelidigini belledi.