Türkmenistanyň talyplary 27-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen «IMC-2026» 33-nji Halkara matematika olimpiadasynda uly üstünlik gazandy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda uly üstünliklere beslenýär.
Türkmenistan «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýany taýýarlap, ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde agza döwletleriniň arasynda ýaýratmagy meýilleşdirýär.
Türkmenistanda 2028-nji ýylda geçiriljek Halkara hukuk ýylyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýörite Pudagara iş toparyny döretmek hem-de 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasyny tassyklamak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan we BMG-niň Sekretariaty BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda Halkara hukuk ýyly diýlip yglan edilen 2028-nji ýyl üçin halkara hukuk wakalarynyň bir bitewi senenamasyny işläp taýýarlar.