Sport
08.02.2024
18424
Türkmen türgenleri Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlanýarlar
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Pariž-2024 saýty döredildi, onda 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Fransiýada geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň we XVII Paralimpiýa oýunlarynyň täze habarlary ýerleşdiriler.
08.02.2024
21644
Türkmenistanly agyr atletikaçy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal eýeledi
Türkmen türgeni Gaýgysyz Töräýew Daşkentde (Özbegistan) geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda ştangany itekläp götermekde we iki synanşygyň jemi boýunça iki bürünç medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby olimpiýa maksatnamasyna girmeýän 81 kilograma çenli agram derejesinde 10 türgeniň arasynda medallar ugrunda bäsleşdi.
05.02.2024
7904
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy «Gonkong ýyldyzlarynyň» hatarynda Messiniň toparyna garşy oýnady
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we Gonkongyň «Kitçi» toparynyň 32 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň çempionatynyň ýyldyzlar toparynyň hatarynda Lionel Messiniň çykyş edýän «Inter Maýami» topary bilen ýoldaşlyk oýnuna gatnaşdy. Oýun 4-nji fewralda Gonkongyň 40 müň adamlyk milli stadionynda geçirildi we 4:1 hasabynda ABŞ-nyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.
04.02.2024
6375
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatyna gatnaşýarlar
Daşkentde başlanan 34 ýurtdan 239 türgeni ýygnan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna Türkmenistanyň topary hem gatnaşýar.
02.02.2024
6134
«Arkadag» topary Demirgazyk makedoniýaly kluby utdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Türkiýäniň Antaliýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda geçirilen ilkinji synag oýnunda Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.
02.02.2024
6273
Zenanlar topary futzal boýunça CAFA 2024 çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder
Şu ýylyň 2–12-nji fewraly aralygynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) ýaryşy geçiriler.
02.02.2024
6434
Dzýudoçy Hekim Agamämmedow dünýä görkezijisindäki netijesini artdyrdy
Türkmen türgeni Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça dünýä görkezijisinde 1620 utuk bilen 34 dereje ýokary galdy diýip, göreşiň şu görnüşi boýunça Halkara federasiýasy (IJF) habar berdi.
01.02.2024
5938
«Ahal» toparynyň oýunçylary Antalýa okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdiler
«Ahal» toparynyň oýunçylary Türkiýäniň Antalýa şäherine okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gitdiler.
27.01.2024
6166
Türkmenistanly futbol eminleri CAFA-nyň Özbegistanda geçirilen maslahatynda hünärini artdyrdylar
Türkmenistandan FIFA-nyň üç emini Daşkentde Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) eminlik maslahatyna gatnaşyp, hünär başarnygyny ýokarlandyrdylar.
26.01.2024
6497
Balkanabatda ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Balkan welaýatynyň merkezindäki köpugurly sport toplumynda sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.