
2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Madrid şäherinde Türkmenistanyň we Ispaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) O.Çaryýewiň Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýewiň Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Mary welaýatynyň Mary atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk atçapyşyklary geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senäniň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş milli sportumyzyň nobatdaky üstünligi bilen tamamlandy. Bu ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
