Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýradan ynanç hatyny kabul etdi.

Şu gün Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy öz işine başlady.

Şu gün paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

2025-nji ýylyň 28-30-njy aprelinde Bişkek şäherinde Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär.

2025-nji ýylyň 25-26-nji aprelinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşdy.
