Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýän giň gerimli sergi öz işine başlady.

Häzirki wagtda Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de Türkmen halknynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň belleniljek ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary derejede geçirmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer döwlet syýasatyny dünýä ýaýmak, döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurduň hususy pudagynyñ gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýän baýramçylyk sergisi öz işine başlady. Sergide türkmen kärhanalary tarapyndan öndürilýän köp sanly harytlar we hyzmatlar, hususy pudagyñ ösýän dürlüligini we ösüşini görkezýär.

2025-nji ýylyň 14-nji martynda Singapurda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi.

2025-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Pakistanyň Parahatçylyk we diplomatik barlaglar instituty (IPDS) bilen bilelikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Halkara parahatçylygy berkitmekde Bitaraplygyň orny» atly halkara maslahaty geçirdi.
