Sport
21.04.2022
8644
Balkan atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk at çapyşyklary
Şu gün Balkan welaýatynyň edara ediş merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
21.04.2022
8116
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasyna bagyşlanan materiallar bilen açylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýokary derejeli sportuň ösmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýär.
20.04.2022
35748
Bedew baýramyna bagyşlanan atly ýöriş
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen bedewiniň Milli baýramy bellenilýär.
18.04.2022
6757
Ideşimiz AFK-nyň Çempionlar ligasynda gonkongly topara ýeňiş getirdi
Türkmen fubolçysy Ruslan Mingazow AFK-nyň Çempionlar ligasynda Gonkongyň «Kitçi» toparyna Tailandyň «Çiangraý Ýunaýted» topary bilen duşuşykda gol geçirip, 1:0 hasabynda ýeňiş getirdi.
14.04.2022
10943
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 30 ýyllyk şanly senesini belleýär
Şu gün Türkmenistanyň Tennis federasiýasy (TTF) 30 ýyllyk şanly senesini belleýär. Bu jemgyýetçilik sport guramasy 1992-nji ýylyň 14-nji aprelinde resmi taýdan bellige alyndy we şondan bäri Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek bilen meşgullanýan iri guramaça öwrüldi.
13.04.2022
14058
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyryna çykdy
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy saýlama tapgyrynyň netijesinde Aziýanyň Kubogy – 2022-niň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berýär.
12.04.2022
8267
«Ahal» AFK-nyň çempionlar Ligasynda ikinji oýnuny geçirdi
«Ahalyň» futbolçylary Türkmenistandan, Eýrandan , Katardan hem Birleşen Arap Emirliklerinden ybarat dört toparyň gatnaşmagynda Jidda şäherinde geçýän AFK-nyň çempionlar Ligasynyň toparlaýyn ýaryşynda ikinji oýnuny geçirdi.
11.04.2022
8241
Aziýanyň Kubogy-2022-de ilkinji ýeňiş
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama bäsleşiginde ýer eýelerini utup, ilkiniji taryhy ýeňşini gazandy. Oýun Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynyň meýdançasynda geçdi we 3:1 hasabynda tammalandy.
09.04.2022
7082
Türkmen hokkeýçileri Dünýä çempionaty – 2022-niň üçünji diwizionynda bürünç medala gazandylar
Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy topary Lýuksemburgda tamamlanan dünýä çemionatynda «A» toparynyň üçünji diwizionynda bürünç medal gazandy.
09.04.2022
6822
«Ahal» çempionlar Ligasynda ýeňiş gazandy
Jidde şäherinde (Saud Arabystany) badalga alan AFK-yň çempionlar Ligasynyň toparlaýyn bäsleşiginde «Ahalyň» futbolçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şababom Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. «С» toparçada «Ahal» we «Şababom Al-Ahli» bilen bilelikde «Fuladyň» (Eýran) we «Al-Garafatyň» (Katar) futbolçylary oýnaýarlar.