10.11.2023
4552
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
10.11.2023
5481
Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyklary geçirdi.
10.11.2023
6495
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.
10.11.2023
6872
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş habarçylary» taslamasynyň üçünji möwsüminiň ikinji oýny geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary okuw mekdebiniň we institutyň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebiniň ýurduň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda guraýan «Parahatçylygyň ýaş habarçylary» taslamasynyň intellektual bäsleşigiň üçünji möwsüminiň saýlama tapgyrynyň ikinji oýnuny geçirdi.
10.11.2023
5203
Futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň üçünji aýlawy başlandy
Uzaga çeken arakesmeden soň futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň oýunlary bilen ýaryşyň 15-nji tapgyry başlandy. Üçünji tapgyryň ilkinji üç tapgyry Maryda geçiriler.
10.11.2023
8102
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplary döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny ýurdumyzyň Bitaraplyk gününe we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp iňlis dilinde ýazylan makala bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
10.11.2023
5646
Lebap nakgaşlarynyň eserleriniň sergileri
Türkmenistanyň Sungat sergileri müdirliginiň zalynda birbada iki serginiň açylyşy boldy: Rüstem Abdyllaýewiň şahsy sergisi we Lebap welaýatyndan 27 sany suratkeşiň umumy sergisi.
10.11.2023
11765
«Sanly çözgüt – 2023» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçen telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradio ýaýlym enjamlarynyň «Türkmentel – 2023» atly XVI halkara sergisiniň çäginde «Sanly çözgüt–2023» innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
09.11.2023
4636
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 16-njy sammitindäki ÇYKYŞY
Ilki bilen, Onuň Alyhezreti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň ýokary derejede guralandygy, mähirli myhmansöýerlik we bildirilen hormat üçin minnetdarlygymyzy ýetirmäge rugsat ediň!
09.11.2023
8472
Türkmenistan bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalaryndaky hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyna gol çekdi
2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň (UNESCO) Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Institutynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýol kartasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi.